Hyzmatdaşlyk

Hyzmatdaşlyk Tekiz Yol

Biziň kompaniýamyz kuzowynyň dürli möçberli we umumy ýük göterijilikli ulagyň eýelerine wagtlaýyn we hemişelik esasda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär. Ýewropa we GDA ýurtlaryndan biziň hyzmatdaşlarymyzyň köpüsine biz Russiýadan Türkmenistana we yzyna bolan ugrda awtoulagyň ýüklenilmegini hemişe teklip edýäris.

Biziň ulag ýük daşamalarymyzyň, esasy görnüşi awtomobil ýük daşamalarydyr, ýöne bökdençsiz ýük daşamalaryny üpjün emek üçin öz serişdelerimiz bize ýeterlik bolmaýar, şoňa görä-de biz köplenç GDA ýurtlaryndan hyzmatdaşlary hyzmatdaşlyga çekýäris, bu bolsa bize buýurmalary gysga möhletlerde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Biz ygtybarly we päk ýürekli hyzmatdaşlary agtarýarys, öz nobatynda buýurmalaryň durnukly akymyny we sowatly menejmenti kepillendirýäris. Biziň hyzmatdaşlarymyz az harajatlar bilen ýük daşamalaryny amatly amala aşyrmak mümkinçiligini alýarlar.

Hyzmatdaşlyk etmek babatynda ähli maglumaty Siz bize telefon boýunça jaň edip ýa-da auto@tekizyol.com we logistic@tekizyol.com poçta boýunça ýazyp alyp bilersiňiz. Şeýle hem bu salgylara Siz ähli goşmaça maglumaty görkezip hyzmatdaşlyk etmek üçin öz ýüztutmalaryňyzy iberip bilersiňiz.

Aşakda ýüztutmada görkezilmeli bentler berildi:

  • Siziň ulag serişdäňiziň markasy;
  • Kuzowyň görnüşi;
  • Çykarylan ýyly;
  • Ýük göterijiligi;
  • Ulag serişdesiniň gabaralary;
  • Beýleki zerur maglumat;
  • Siziň ýaşaýan ýeriňiz we ulagyň duralgasy;
  • Siziň gatnaşyk maglumatlaryňyz (telefonyňyz).

Рассчитайте стоимость перевозки уже сейчас

Узнайте предварительную цену на перевозку Вашего груза, воспользовавшись Online-калькулятором

Узнать цены