Logistik çözgütleri

Logistik çözgütleri

Biziň kompaniýamyzyň esasy wezipesi ýüküň gidýän ýoluny ýönekeý düzmegiň çäklerinden çykýan häzirki zaman logistik çözgütleri ösdürmek bolup durýar. «Tekiz Yol» — munuň özi logistikanyň ähli ugurlary boýunça maglumaty özüne ýygnaýan bütewi ulgamdyr. Bu ulgamy öz täjirçiliginiň ösmegine gyzyklanýan her bir adam peýdalanyp biler we peýdalanmalydyr.

Biziň esasy logiki maksatlarymyz ýük daşamalarynyň çygryny hemmetaraplaýyn gurşap almaga gönükdirildi. Biz ulag ýük daşamalarynyň çygrynda bazaryň toplumlaýyn monitoringi, hususan-da bolsa daýanyp boljak päk ýürekli ýük daşaýjylary agtarmak, şeýle hem ýük eýeleriniň binýadyny düzmek bolup durýar. Bu maglumaty seljerip, ulag ýük daşamalarynyň amatly we gysga ugurlaryny seçip almak babatda bar bolan logistik ulgamlary gowulandyryp bolar.

Biziň «Tekiz Yol» kompaniýamyz ýanynda bolmak hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýär. Biz ýük daşamalarynyň ugruny dogry seçip almaga, ammar jaýlaryny seçip almaga, şeýle hem gowy hilli işleýän ýük daşaýjylary tapmaga kömek berýäris. Biziň kompaniýamyz döwür bilen hemişe aýakdaş gidýär we bizde her gün bize logistikanyň we ýurdumyzyň geografiýasynyň salgy berýän wezipeleri üçin täze çözgütler peýda bolýar.

Рассчитайте стоимость перевозки уже сейчас

Узнайте предварительную цену на перевозку Вашего груза, воспользовавшись Online-калькулятором

Узнать цены