Awtomobil ýük daşamalarydyr

Awtomobil ýük daşamalarydyr

Türkmenistan — köp ýurtlarda talap edilýän gazylyp alynýan peýdaly zatlara baý ýurtdur. Türkmenistanyň importynyň sanawynda nebit, duz, seýrek ýer we reňkli metallar, şeýle hem tebigy gaz bardyr. Tebigy serişdeleriniň barlygyndan başga-da Türkmenistan özüniň azyk we ýeňil senagaty bilen şöhratlanýar. Russiýanyň köp kärhanalarynyň eksport ugurlary boýunça harytlaryň daşalmagyna gyzyklanmagy täsin däldir.

Ýükleri eltmegiň iň ýönekeý usuly — awtomobil ýük daşamalarydyr. Şu günki güne çenli awtoulag bilen daşamak kiçi we orta telekeçiligiň eýelerinde has şöhratlydyr, ýöne hemişe daşalýan ýagdaýlarda awwtomobil ýük daşamalary özüni gowy durnukly görkezýärler. Awtomobil gatnawlarynyň gowy taraplary aýdyňdyr: ýokary ykjamlygy we ýüki «gapydan gapa çenli» eltmek mümkinçiligi. Munuň üstesine-de ýük daşamalarynyň bu usuly örän ygtybarlydyr, ýük ygtybarly goralar we onuň ýük maşynyna ýüklenen görnüşindäki ýaly niýetlenen ýerine çenli barar. Awtomobil ýük daşamalary eltmegiň beýleki usullary ýerlikli bolmadyk ýagdaýlarda ulanylýar. Harydy «gapa» eltmek üçin multimodal ýük daşamalarynda hem awtoulag ulanylýar. Awtoulag bilen uly gabaraly we howply ýükleri daşap, gyssagly buýurmalary ýerine ýetirip we hatda nokatlaryň ikisiniň arasynda ýük daşamalaryň hemişelik akymyny ýola goýup hem bolar, munuň özi eltmegiň iň çeýe usullarynyň biridir.

«Tekiz Yol» kompaniýasy öz müşderilerine Türkmenistan boýunça, şeýle hem beýleki ýurtlara ýükleri daşamak çygrynda ýola goýulan logistik çözgütleri teklip edýär. Türkmenistanyň serhediniň uzaklygy 3736 kilometr bolup, serhediň ugrunda çykyşlaryň sany boýunça awtoýol GKP-leriniň 7-si ýerleşendir.

Öz awtoparkynyň, şeýle hem awtomobil ýük daşamalarynyň biziň tejribemize esaslanan işlenip taýýarlanan logistik ulgamynyň netijesinde biziň müşderilerimiz ýükleri gysga möhletlerde alýarlar we iberýärler.

Awtoýol daşamalary – munuň özi biz tarapyndan öňden ýola goýulan, işlenip taýýarlanan logistika esaslanan takyk hereketleriň ulgamydyr.

Siz biziň serwisimizden peýdanyp öz ýüküňizi ibermek statusyny yzarlap bilersiňiz.

Рассчитайте стоимость перевозки уже сейчас

Узнайте предварительную цену на перевозку Вашего груза, воспользовавшись Online-калькулятором

Узнать цены