Demir ýol ýük daşamalary

Demir ýol ýük daşamalary

Demir ýol ýük daşamalary üçin iki halatda: ýa ýükleri uzak aralyga daşamak üçin ýa-da harytlaryň köp mukdaryny daşamak üçin ulanylýar.

Demir ýol ýük daşamalary aýratyn ygtybarlylygy we ýerleşijiligi bilen tapawutlanýar, şeýle daşamagyň ýolda ýüze çykýan dürli ýagdaýlara baglylygy aşakladyldy. Demir ýol boýunça daşamak ýük daşamalaryň beýleki usullaryndan tapawutlylykda has howupsuzdyr, şol sanda ol howply, suwuk, külke, guýulýan ýa-da zäherli ýükleri daşamak üçin hem örän ýaramlydyr. Ýüküň her bir görnüşi üçin wagonyň öz ölçegi bardyr, ol örän amatlydyr we ygtybarlydyr.Mundan başga-da demir ýol ýükleri uly aralyklara arzan eltmäge mümkinçilik berýär, olara köplenç awtoulagly gidip bolmaýar.

Biziň ykdysady sebitimizde demir ýol örtüginiň kömegi bilen daşamagyň esasy artykmaçlygy – munuň özi elbetde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ösen demir ýol ulgamydyr. Şu ýagdaýda ýük otlusy, eger bu ýurtlaryň arasynda daşamak talap edilse has gowy çözgüt bolar. Demir ýollar ýüki Russiýanyň islendik uly şäherine elter ýaly ýagdaýda çekildi, Türkmenistanda bolsa demir ýol Türkmenbaşy şäherinde deňiz portuna çenli geçýär, munuň özi demir ýollaryna multimodal ýük daşamalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

«Tekiz Yol» kompaniýasy demir ýol ýük daşamalary boýunça hyzmatlaryň giň sanawyny teklip edýär. Biz demir ýol boýunça ýa-da garyşyk gatnaw boýunça ýük daşalanda GDA ýurtlarynyň, Russiýanyň we Ýewropanyň çäginde ýükleriň ekspedirlenilmegini geçirýäris. Türkmenistanyň içersinde ýük daşamak üçin bizde Demir ýol ministrligi bilen ýük daşamagyň ýörite şertleri bilen ylalaşylyp, şeýle hem üstaşyr ýük daşamalary we otlularyň hereketini döretmek meýilnamasy boýunça işläp taýýarlamak ýola goýuldy. Biziň müşderilerimiz gidýän ýolunyň bütin dowamynda wagonlara gözegçilik edip bilerler, otlular we Türkmenistanyň çägi boýunça olaryň hereketi hakyndaky ähli maglumat berilýär.

Siz biziň serwisimizden peýdalanyp öz ýüküňizi ibermek statusyny yzarlap bilersiňiz.

Рассчитайте стоимость перевозки уже сейчас

Узнайте предварительную цену на перевозку Вашего груза, воспользовавшись Online-калькулятором

Узнать цены